Azat Türkmen #69. Döwlet we onuň "halk duşmanlary". 1-nji bölüm. HD
Dünýäniň diktatorlaryna mahsus bir umumy häsiýet bar, olam olaryň öz syýasay we ideýa garşydaşlaryny "halk duşmanlary" ýa-da "watan dönükleri" ýaly ýarlyklar bilen atlandyrmak häsiýeti. Bu häsiýet diňe bir döwlet liderlerine däl, eýsem adaty adamlaryň-da käbirlerine mahsus bolýar. Soňky wagtlar daşary ýurtlarda Türkmen oppozision hereketiniň kem-kem gerim alyp gidip oturmagy bilen bir wagtda, öz garşydaşlaryny "halk duşmanlary" we "watan dönükleri" diýip atlandyrýan şahsyýetler-de peýda bolup başlady. Eýsem, munuň özi oppozision hereketiň içine diktatorlaryň metodlaryny ornaşdyrjak bolmak tendensiýasyny görkezmeýärmi? Bu tendensiýada esasy ýakasyny tanadanlar we tanadýanlar kimler? ------------------------------------------ Habarlaşmak üçin elektron adresi: AzatTurkmen2020@gmail.com