Türkmensähra türkmenleriniň ene dili aladalary HD
Dünýä türkmenleriniň Türkmenistan bilen goňşyçylykda kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri hem Eýran. Eýranda ýaşaýan etniki türkmenlere il arasynda "Türkmensähra türkmenleri" hem diýilýär. Türkmensährada ýaşaýan türkmenleriň ilat sany barasynda takyk maglumatlar ýokdugyna garamazdan, käbir çeşmelerde olaryň ilat sanynyň 3-3,5 million töweregindedigi ýaly çaklamalar öňe sürülýär. Olaryň Eýranda ýaşaýan adminstratiw sebitine Gülistan welaýaty diýilýär. Gülistan welaýatynyň merkezi hem Gümmet-kowus şäheridir. Eýsem, Eýrandaky etniki türkmenleriň ene dili ýagdaýy nähili? Türkmensähra türkmenleriniň ene dili tejribeleri häzirki döwürde ýaş nesillere nähili täsirini ýetirýär? Eýrandaky türkmenleriň ene dili tejribeleriniň beýleki dünýä türkmenleri üçin nähili nusgalyk taraplary bar? Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniň ene dili barasynda eden aladalary we edýän tagallalaryna gönükdirýär. Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginde Türkmensähra tü