Azat Türkmen #71. Garaýyş #14: Şiraly – Türkmeniň şir ogly. HD
6-njy dekabrda belli türkmen dissident şahyry, merhum Şiraly Nurmyradowyň (1945-2016) doglan gününe 75 ýyl boldy. Şahyr Şiraly Nurmyradow öz döwründe türkmen poeziýasyna "Şiralynyň stili" diýlip at berlen özboluşly bir syýasy garşy duruş žanryny getiripdi. 1990-njy ýyllaryň başlarynda ony "türkmeniň Wysockisi" diýip atlandyranlar-da kän bolupdy. Mundan daşary, SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň, Orsýetiň we Şwesiýanyň PEN-klublarynyň agzasy Şiraly Nurmyradow özüniň diktator režime garşy ýiti poetiki dili bilen alyp baran gaýduwsyz göreşi üçin Şwesiýanyň PEN-kluby tarapyndan Kurt Tuholskiý adyndaky baýrak bilen-de sylaglandy. Gynansak-da, Şiraly Nurmyradowyň ömri we döredijiligi barada türkmenistanly soňky nesiller tas hiç zat bilmeýar diýen ýaly. "Garaýyş" gepleşiginiň bu gezekki sany türkmeniň şir ogly Şiraly Nurmyradowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýar. *** Şiraly Nurmyradowyň ölen güni (2016-njy ýylyn 11-nji oktyabrynda) onuň ýagty ýadigärligine bagyşlap, taryh ylymlarynyň doktory Şöhrat Kadyrowyň ýazan yatlamasy (rus dilinde): https://shirali.ucoz.com/ *** Orsýetde neşir edilýän "Družby narodow" žurnalynda Şiraly Nurmyradowyň "Detstwo, kotorogo ne bylo" ("Ýaşalmadyk çagalyk") atly romanyndan çap edilen bölegi şu ýerde okap bilersiňiz (rus dilinde): http://www.intelros.ru/readroom/druzhba-narodov/d3-2013/18152-detstvo-kotorogo-ne-bylo.html *** Şiraly Nurmyradowyň Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren göwrümli interwýusynyň tekstini şu ýerde okap bilersiňiz (rus dilinde): https://www.svoboda.org/a/24201982.html ------------------------------------------- Habarlaşmak üçin elektron adresi: AzatTurkmen2020@gmail.com