Azat Türkmen #141. Kowid we sanjym: gyrgyn ýaragymy? 4-nji bölüm. HD
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda Kowid keseliniň bardygyny henizem resmi ýagdaýda ykrar etmän gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda bu kesele garşy sanjym kampaniýasy güýçli depginde alnyp barylýar. Emma soňky wagtlar sanjym çäreleriniň iň köp geçirilýän ýurtlarynda we regionlarynda Kowidiň dürli ştammlary bilen keselleýän adamlaryň sanynyň-da görlüp-eşidilmedik derejede artyp gidip barýandygyny görmek bolýar. Şonuň bilen bir wagtda käbir Günbatar ýurtlaryň lukmanlary we alymlary koronawirusa garşy niýetlenen diýlip hasaplanylýan dermanlaryň içinden adam saglygy üçin örän howply zatlaryň tapylandygyny-da yglan edip başladylar. Eýsem by “tapyldy” diýilýän zatlar näme? Häzirki pandemiýanyň emeli usulda döredilendigi we alnyp barylýan sanjym çäreleriniňem aňyrsynda örän ýaramaz matlaplaryň ýatandygy barada öňe sürülýän garaýyşlar näderejede hakykata laýyk bolup biler? Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: azatturkmen2020@gmail.com ----------------------------------------- Şotlandiýada koronawirusdan we sanjymdan ölýän adamlaryň statistiki mynasybeti barada ýazylan makala (iňlis dilinde): https://dailyexpose.uk/2021/11/11/89-percent-of-covid-19-deaths-were-among-the-fully-vaccinated-in-the-past-month/ Şotlandiýada koronawirusdan we sanjymdan ölýän adamlaryň statistiki sanyny görkezýän resmi hasabat (iňlis dilinde): https://publichealthscotland.scot/media/10091/21-11-10-covid19-publication_report.pdf Günorta Afrika Respublikasynda koronawirus bilen bagly ýagdaýyň ur-tut gowulaşandygyna syn berýän habar (iňlis dilinde): https://www.bloomberg.com/news/videos/2021-12-17/s-africa-hospitalization-rate-falls-91-in-omicron-wave-video Günorta Afrika Respublikasynda koronawirusyň Omikron ştammy bilen baglanyşykly ýagdaýy beýan edýän makala (iňlis dilinde): https://www.reuters.com/world/africa/safrican-doctor-says-patients-with-omicron-variant-have-very-mild-symptoms-2021-11-28/