Azat Türkmen #131. Türkmen konsullygyna urlan uly urgy. HD
1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynyň öňünde parahatçylykly miting geçirmek synanyşygynda tussag edilen aktiwistler 4-nji awgustda giçlik azatlyga goýberildiler. Munuň özi Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň prowokasiýalaryna we terror syýasatyna garşy urlan özboluşly bir urgy hökmünde alamatlandy. Indi aktiwistleriň we olaryň adwokatlarynyň öňünde durýan esasy wezipe -adam ogurlamak we jenaýatçylary hakyna tutup, aktiwistlere garşy ýaragly hüjüm etdirtmek ýaly terror işlerine baş uran Türkmen konsullygynyň işgärlerini we olaryň ýaranlaryny kanun taýdan jogapkärçilige çekmek bolup durýar. ------------------------------------------- Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: azatturkmen2020@gmail.com
Похожие видео
Показать еще