Azat Türkmen #137. Kowid we sanjym: gyrgyn ýaragymy? 3-nji bölüm. HD

10.10.2021
Soňky günler Türkmenistanda "koronawirusa garşy" diýlip geçirilýän sanjym çäreleriniň kem-kem güýçlendirilýän bir wagtynda bu keseliň geriminiň has-da giňelip, ölýän adamlaryňam sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelip gidip barýandygy barada howsalaly maglumatlar gelip gowuşýar. Şonuň bilen bir hatarda diagnoz üçin geçirilýän test çäreleri-de, dünýäniň beýleki regionlarynda bolşy ýaly, has-da artdyrylypdyr. Eýsem häzirki ýola goýlan sanjymlaryň we test çäreleriniň özi näderejede howspuz? Koronawirusyň gelip çykyşy barada berilýän resmi maglumatlar näderejede ynamdar? Bu ugurda nähili çynlakaý şübhe we sorag döredýän zatlar bar? ---------------------------------- Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: azatturkmen2020@gmail.com

Похожие видео

Показать еще