Gurbannazar Ezizow – Men özüme dost gözledim ýaşlykdan | Goşgular Çemeni HD

10.11.2017
#GoşgularÇemeni #GurbannazarEzizow Men özüme dost gözledim ýaşlykdan, Gözel ýigitleri saýladym-seçdim. Emma: «Gowusyndan gowsun taparyn» Diýip, hemmesiniň deňinden geçdim. Men özüme ýar gözledim ýaşlykdan, Gözellerden hak syrymy gizledim. Ýok, meň söýgim başgarajyk bolmaly!» Diýdim-de, gözelleň şasyn gözledim. Ine, indem ne söýgim bar, ne dostum, Dostsuz hem söýgüsiz ýaşamak ne kyn. Ýöne şol ýigitleň birisi dostum, Gyzlaň birem söýgim bolandyr mümkin. 1969

Похожие видео

Показать еще